Kompaniýa Barada



Baş Taglym Türkmen dünýäniň 147 ýurdundan bolan 125 kompaniýany birleşdirýän Baker Tilly International auditor kompaniýalaryň halkara torunyň resmi agzasy bolup durýar. Toruň  baş ofisi London şäherinde ýerleşýär. Işgärleriň sany 33 600 adam bolup, toruň global umumy girdejisi 3,4 milliard ABŞ-nyň dollaryndan ybarat boldy (statistika 2017-njy ýylyň ýagdaýy boýynça görkezilen). Toruň agzalary bolup  durýan kompaniýalaryň umumy girdejisi boýunça Baker Tilly International dünýä reýtinginde 10-nji orny eýeleýär.  

Biziň kompaniýamyz Audityň Halkara Standartlarynyň, Maliýe Hasabatlylygyň Halkara Standartlarynyň we ýerli kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda iň ýokary hünär derejesinde buhgalterçilik we auditorçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Baş Taglym Türkmen kompaniýasynyň audit boýunça hyzmatlary etmek hukugyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ¹ 1-5-32-149 belgili Ygtyýarnamasy bardyr.

Baş Taglym Türkmen kompaniýasy halkara kompaniýalarynda we auditorçylyk şereketlerinde uly iş tejribesi bolan ýaş maksadaokgunly ussat hünärmenlerden ybarat topar bolup durýar.  Kompaniýanyň işgärleri DSHA, DH we SPH buhgalter sertifikasiýasynyň halkara programmalarynyň eýeleri we talyplary bolup durýar, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň we GDA döwletleriniň çäklerinde bank pudagynda we maliýe institutlarynda, ätiýaçlandyryş we lizing kompaniýalarynda, gazyp alýan we gaýtadan işleýän pudagyň kärhanalarynda, täjirçilige dahylsyz guramalarynda audit geçirmekde tejribesi bardyr.

Soňky ýyllarda Baş Taglym Türkmen kompaniýasy audit we ýokary hünärli konsalting hyzmatlary etmek boýunça iň tiz ösýän hususy şereketdir. Kompaniýa ösüşiň, hiliň we paýhasly nyrhlary emele getirilşiň ileri tutulýandygynyň hasabyna öňde baryjylyga ýetdi. Ondan başga-da, biz mydam edýän hyzmatlarymyzyň gerimini giňeldýäris, iň ýokary hünärli hünärmenleri çekýäris we saklaýarys, we öz müşderlerimize hiliň ýokary standartlaryna gabat gelýän hyzmaty üpjün edýäris.