Mertebe



Baş Taglym Türkmen kompaniýasy ýokary hünär hyzmatlaryny iň ýokary derejede ýerine ýetirmäge gönükdirilen ýaş, maksadaokgunly hünärmenlerden ybarat topar bolup durýar. Biz giňelýäris, ösýäris we şonuň üçin hem bize täze işgärler – bilimli, işeňňir ýaş adamlar gerek. 

Baş Taglym Türkmen kompaniýasy beýleki Kompaniýalaryň arasynda nämesi bilen tapawutlanýar?  Biziň Kompaniýamyzy aýratyn edip görkezýän biziň işgärlerimiz. Bizde her bir agzasynyň üstünlik gazanmak – iň oňat bolmak höwesi bar bolan zehinli, zähmetsöýer toparymyz bar. Biziň korporatiw medeniýetimiz şahsyýetde özboluşlulygy sylaglaýar we bilesigelijiligi garşy alýar, biziň  toparymyz deň derejede ýakymly we talap edijidir.

Biz işgärleriň ýokary hünärliligi, olaryň Kompaniýanyň maksatlaryna yhlasy we wepalylygy Kompaniýanyň üstünliginiň girewi bolup durýandygyna ynanýarys. Kompaniýada işgärleriň üstünligine we hünär ösüşine ýardam edýän şertler döredilendir. Toparlaýyn iş we arkalaşyk esasy – bu biziň müşderilerimize ýokary hilli hyzmat etmekde esasy ýörelgelerimiz bolup durýar.

Biziň toparymyzy has güýçlendirjek adamlara hemişe garaşýarys we kabul etmäge taýýardyrys.

Beýker Tilli kompaniýasyna hoş geldiňiz!