Täzelikler


“ÖPŞ WE MILLI KANUNÇYLYK – ÖZARA ARAGATNAŞYGY WE SINERGIZM” atly mowzukly Tegelek stolyň başynda Maslahatlar

2014-nji ýylyň 3-4-nji noýabrynda «Baker Tilly Turkmen» kompaniýasy “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd.” Malaýziýa kompaniýasy bilen bilelikde “ÖPŞ WE MILLI KANUNÇYLYK – ÖZARA ARAGATNAŞYGY WE SINERGIZM” atly mowzukly Tegelek stolyň başynda Maslahatlary gurnadylar.

Ara alyp maslahatlaşykda ÖPŞ boýunça işiniň esasy jähtleri bilen baglanyşykly meselelere – Baş ýörelegeler we Mehanizmler, Maliýe we Salgytlar, ÖPŞ-niň esasy jähtlerine we uglewodorod işi boýunça režimine düşünmeklik,  fiziki şahslaryň salgyt salynmasy, walýuta kadalaşdyrylyşy, ätiýaçlandyrma, kömekçi potratçynyň derejesi we ygtyýarlandyrylma boýunça meseleler – jikme-jik garaldy.

Gatnaşyjylaryň pikirler, şeýle hem ýygnalan tejribe hem-de bilimler bilen alyşmaga we ýüze çykan meselelere jogaplar almaga mümkinçiligi boldy. Auditoriýanyň uly gyzyklanma bildiren möhüm mowzuklar boýunça çekişmeler işjeň geçirildi. Tegelek stolyň başyndaky maslahatlar iň ýokary hünär derejesinde geçdi.