Täzelikler


“UGLEWODOROD IŞINDE SALGYT NUKDAÝNAZARLARY” atly mowzukly Tegelek stolyň başynda Maslahatlar

2014-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda «Baker Tilly Turkmen» kompaniýasy “SKOUMI OÝLTULZ LTD” Kaýman kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy bilen bilelikde “Uglewodorod işinde salgyt nukdaýnazarlary” atly mowzukly Tegelek stolyň başynda Maslahatlary gurnadylar.

Ara alyp maslahatlaşykda şahamçanyň işiniň esasy jähtleri bilen baglanyşykly meselelere – Buhgalter hasaby we Hasabatlylyk, gös-göni we ikinji derejeli salgytlar bilen bagly meseleler, fiziki şahslaryň salgyt salynmasy, walýuta kadalaşdyrylyşy, ätiýaçlandyrma, kömekçi potratçynyň derejesi we ygtyýarlandyrylma boýunça meseleler – jikme-jik garaldy.

Gatnaşyjylaryň pikirler, şeýle hem ýygnalan tejribe hem-de bilimler bilen alyşmaga we ýüze çykan meselelere jogaplar almaga mümkinçiligi boldy. Auditoriýanyň uly gyzyklanma bildiren möhüm mowzuklar boýunça çekişmeler işjeň geçirildi. Tegelek stolyň başyndaky maslahatlar iň ýokary hünär derejesinde geçdi.