Täzelikler


Ýewropa öwrediji hünär okuwy “Maliýe hasabaty we Toparyň Auditi”, 2015-nji ýylyň sentýabr aýy, Çehiýa Respublikasynyň Praga şäheri

“Baker Tilly Turkmen” kompaniýasy bilim beriş meýilnamasynyň çäklerinde “Baker Tilly International” ulgamyndaky halkara bilim beriş meýilnamalaryna işjeň gatnaşýar.

Bu meýilnamanyň çäklerinde 2015-nji ýylyň sentýabr aýynyň 7-8 aralygynda  “Baker Tilly Turkmen” kompaniýasynyň işgärleri maliýe hasabatynyň halkara standartlary we auditiň halkara standarlary meselelerine bagyşlanan halkara treningine gatnaşdylar.

Treningiň geçirilen aralygynda biziň işgärlerimiz Batyr Şirmedow we Geldi Taganow esasy maksady maliýe hasabatynyň halkara standartlaryna we auditiň halkara standarlaryna laýyklykda amaly ýumuşlar bilen işlemeklik bolup durýan toparlara gatnaşdylar.

“Baker Tilly Turkmen” kompaniýasy hünärmen biliminiň gymmatlyklaryna we özüniň işgärleriniň hemmişe kämileşmelerine yhlaslydyr.