Beýker Tilli Interneşnl



Beýker Tilli Interneşnl – ýokary hünärli hyzmatlary etmekde ýöriteleşdirilen garaşsyz kompaniýalary birleşdirýän halkara auditorçylyk birleşigidir. Birleşigiň müşderilerine halkara, şeýle hem sebitleýin bazarlarynda ýokary hilli hyzmatlar hödürlenýär.  

Beýker Tilli Interneşnl – ululygy boýunça sekizinji halkara auditorçylyk ulgamydyr. Ol dünýäniň 147 ýurdunyň 125 kompaniýasyny birleşdirýär. Ulgamyň baş ofisi London şäherinde ýerleşýär. Işgärleriň sany 33 600 adamdan ybaratdyr.

Beýker Tilli Interneşnl birleşigine girýän ähli kompaniýalary müşderilere hyzmat etmekde, hyzmatlaryň hiliniň iň ýokary standartlaryna we işiň tehnologiýalaryny hemişeki kämilleşmegine global çemeleşmä esaslanan umumy pelsepe birleşdirýär.

Öňde barýan tejribäni alyşmak we has kämilleşen usullary işläp taýýarlamak maksady bilen,  Beýker Tilli Interneşnl birleşiginde degişli pudaklardaky we işiň görnüşlerindäki birleşigiň agzalary bolan kompaniýalaryň iň oňat tejribesini öwrenýän pudaklaýyn iş toparlary döredilýär. Birleşikdäki agzalyk Beýker Tilli Interneşnl-iň düzümine girýän kompaniýalara içerki, şeýle hem halkara taslamalarda işlände iň oňat dünýä tejribesini ulanmaga mümkinçilik berýär. Müşderilere Beýker Tilli Interneşnl-iň düzümine girýän kompaniýalaryň ofislary bar bolan islendik ýurtda ýokary hünärli goldaw  kepillendirilýär.

Beýker Tilli Interneşnl birleşigiň iň gymmat aktiwi – bu örän oňat abraýy, we birleşigiň düzümine girýän kompaniýalaryň garaşsyzlygy bolsa onuň ornuny halkara bazarynda güýçlendirmäge hyzmat edýär.

Birleşigiň düzümine girýän kompaniýalar tarapyndan edilýän hyzmatlaryň hili birleşigiň baş ofisiniň bilermenleri tarapyndan geçirilýän yzygider barlaglar (Externalreview) bilen kepillendirilýändir.