Korporatiw hyzmatlar


Biziň toparymyza ýokary hünärli hünärmenler girýär, olar strategiki meýilleşdirme, maliýe seljerme, derňeme we çaklama çygyrlarynda dolandyryjy çözgütleri üstünlikli amala aşyrýarlar. Biz müşderlere hyzmatlaryň ýöne bir ýokary hilini däl-de, eýsem Türkmenistanyň biznes-tejribesi üçin seýrek duş gelýän bilimleri hödürleýäris. Biziň tejribämiz türkmen kompaniýalaryň daşarky maliýeleşdiriş bazarlaryna (paýdarlar, şeýle hem bergi maýasynyň) çykmagy bilen bagly taslamalara gatnaşmaklygy; birleşdirme we siňdirme (M&A) boýunça amallary alyp barmaklygy; milli kompaniýalaryň we transmilli korporasiýalaryň gurluş bölümleriniň işiniň salgyt we hukuk goldawyny öz içine alýar. Biziň hyzmatlarymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda müşderileriň giň toparyna edilýär we biznesiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we biznesiň dolandyryşyn gowulandyrmaga gönükdirilendir.

« yza Biziň hyzmatlarymyz

Maliýe we salgyt Due Diligence

kärhananyň öňki döwürdäki işini seljermegiň esasynda we onda bar serişdeleriň hasabyna kärhana gelejekde düşewünt getirmek ukyby barada netije berýär.

Mundan beýlesini okaň

Karzçylaryň we bank kowenantlaryň monitoringi

banklaryň karz berilýän kärhanalar bilen kadaly iş gatnaşyklaryny üpjün edýär we olaryň bergi maliýeleşdirişe durnukly ygtyýaryny goldaýar.

Mundan beýlesini okaň

Büjetleşdiriş we meýilleşdiriş ulgamyna syn

Biz täze modellere we metrikalara oňaýly baha berýäris, emma şeýlelikde meýilleşdirişiň we büjetleşdirişiň esasy, basis pikirleri häzirki zaman korporatiw tejribesi üçin has actual bolup galýandygyna biz doly ynanýarys.

Mundan beýlesini okaň

Içerki maliýe gözegçiligi

Biziň ÂÔĘ-ny Anyklamak we Gurnamak hyzmatymyz Baş we Maliýe Direktory üçin tejribeli goldaw bolup durýar we auditdäki köpýyllyk üstünlikli tejribä we korporatiw müşderiler üçin autsorsinge daýanýar.

Mundan beýlesini okaň