Salgyt maslahaty


Salgyt kanunçylygy hukugyň has ýygy-ýygydan üýtgeýän pudagy bolup galýar. Biziň hünärmenlerimiz salgyt kanunçylygyň kadalaryny ulanmak, eýeçiligi gurmak, ierçki we halkara transaksiýalar we ş.m. boýunça tejribeli maslahatlar bermek arkaly biznesi alyp barmaklygyň töwekgelliginiazaltmaga ýardam ederler.

Baker Tilly Turkmen kompaniýasynyň salgyt salma boýunça hünärmenlerimize ýüz tutmak bilen Siz birnäçe meseleleri bir wagtyň özünde çözýärsiňiz:

  • maglumaty gözlemek we düzmek üçin wagt ýitirmeýäňiz;
  • Siziň biznesiňiz üçin esasy bolup durýan meseleler boýunça ýokary hilli we aktual maglumaty alýarsyňyz; 
  • işgärleriňiziň hünär derejesini we olaryň salgyt  täzelikleri baradaky habarlylygyny ýokarlandyrýarsyňyz;
  • doly maglumata eýe bolup karar kabul edip bilersiňiz.

Biz salgyt meseleleri boýunça indiki ugurlarda toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýäris: 

1. Salgyt maslahaty:

  • Müşderileriň aýratyn hojalyk amallaryna salgyt salma boýunça dil üsti bilen we ýazmaça maslahatlary bermeklik;
  • Türkmenistanyň webeýleki ýurtlaryň salgyt kanunçylygynyň meseleleri boýunça maslahatlary bermeklik;
  • Mümkin bolaýjak salgyt netijeleriň nukdaýnazaryndan şertnama gatnaşyklaryň seljermesini etmeklik;
  • Hojalyk amallary amala aşyrylanda salgyt töwekgelliklere baha bermeklik;
  • Salgyt salmanyň optimizasiýalaşdyrmak maksady bilen içerki we halkara transaksiýalary düzmeklik;
  • Salgyt edaralaryň kararlaryna şikaýat etmek üçin resminamalary taýýarlamaklyk;
  • Daşary ýurt kompaniýalaryň we olaryň Türkmenistandaky wekillikleriniň meseleleri boýunça maslahatlary bermeklik;  
  • Türkmenistanyň kanunçylygyndaky we salgyt salma boýunça kadalaşdyryjy namalaryndaky üýtgetmeler barada operatiwhabarly etmeklik.

2. Salgyt kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmekligini barlamak :

  • Salgyt auditini geçirmeklik;
  • Salgythasabatlylygy taýýarlamaklyk.

3. Salgyt meýilleşdirmesi:

  • Salgyt meýilleşdirmesiniwe salgyt tölegleriniň optimizasiýasyny etmeklik;
  • Salgyt hasabynda ulgamlaýyn ýalňyşlyklary aýyrmak we salgyt töwekgelligi azaltmak maksady bilen salgyt salmanyň kärhanada hereket edýän usulyny barlamaklyk;
  • Salgyt hasabynyň ulgamyny gurmaklyk, salgyt salmanyň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen Kompaniýanyň hasap syýasatyny işläp taýýarlamaklyk.

« yza Biziň hyzmatlarymyz